نمایش از 14 دی 1394 بازدید: 494
پرینت
Ýokary okuw jaýynyň hünärleri

1 – Şypagat uýasynyň ýokary okuw diplomy

Hünäriň many tarypy we okuwyň derejesi

Şypagat uýalygy özbaşdak bir hünäri we Meditsina ylymlarynyň bir pudagydyr, bu pudakda ýokary okuwyny gutaranlar saglyk toparyň agzasy hökmünde dürli bölümlerde , Şol sanda saglyga hyzmatçzylyk , bilim Öwrediş , ylmy – derňewe , maslahat bermek , näsaglygyň Öňüni almak , müdiriýet etmek , goldawçylyk , näsaglary aýaga galdyrmak ugurda işläp bilýärler. Şypagat uýalygyň hünäriniň birinji okuw derejesi Şypagat uýasynyň yzygiderli 4 ýyllyk ýokary okuw diplom derejesidir. onuň programmasy Yslamy gymmatlyklaryň we ylmy kadalaryň esasynda taýýarlanyp düzülendir.

Şypagat uýasy biliminde ýokary okuw diplom derejesi , Şypagat uýasy Hünärmenleri terbiýe bermekdir. Şu terbiýeler bilen köpçülikde umumi Şypagat uýasy bolup saglyk ýagdaýlary tanap näsaglyklary aradan aýyrmak aladasyny edýär.

Şypagat uýalygyň ýokary okuw diplomynyň wagty 4 ýyldyr.

2- Çagalar Şypagat uýasynyň Aspiranturasy

Cagalar kopçülikde Öz hukuklaryny gorap bilmeýänleri üçin dürli taraplardan Şol sunda ösüşine degişli mätäçliklerden Jismi- rahy saglygyň Ölçeglerini saýgarmakdan , köpçülige degişli medeni we ruhy taýdan edilmeli kömeklerden gapyl galmaklary mümkin dir. Bu mätäçliklere jogap bermek üçin , dünýäde okuw taýdan dürli hünärler döredilipdir we bu hünärlerden ýokary okuwyny gutaranlar dürli bölümlerde şol sandan terbiýe , hukuky , lukmançylyk , köpçülige ýardam bermek we Ş.m , bilim we ökdeçiliklerini Çagalary goramak üçin jemgyýetiň we maşgalalaryň erkininde goýýarlar.

Çagalar Şypagat uýasy hünäri aýdylyşy ýaly saglyk bölüminde köpçülikde şu toparyň gullugyndadyr.

Gözegçi komitetiniň aladasy bilimler mätäçliklerini programmada nazara alyp bilimli Çeper ynsanlary terbiýe berip , ukyply , zehinli , ökde we janköýer güçleri ýetişdirip Çagalaryň saglyk ýagdaýyny ýokary galdyrmak üçin ädim ätmekdir.