نمایش از 14 دی 1394 بازدید: 1143
پرینت
Biografiýa : Hamyt Hujjaty

Salam bilen her zatdan öň özümi tanadaýyn Men Hamyt Hujjaty 1984 nji ýylynda Gürgen şäherinde dünýä indim. 1996 njy ýylynda gülüstan welaýeti boýunça geçirlen göreş ýaryşynda Çempion boldum. 1999 njy ýylynda orta mekdebi gutardym. 2000 nji ýylynda Erdebil şäheriniň Meditsina ylymlaryň ýokary okuw jaýynda operatsiýa otagy bölüminde okuwa kabul edildim. 2002 nji ýylynda kerman şäheriniň Meditsina ylymlaryň ýokary okuw jaýynyň Şypagat uýasy bölüminde okuwa girdim. Okuw döwründe kerman şäheriniň "Şehit Bahünär" adyndaky hassahanasynyň operatsiýa otagynda 2 ýyllap işledim. 2005 nji ýylynda Tehranyň ýokary okuw jaýynda psihologiýa boýunça Şypagat uýasy pudagynda Aspirantnra ylmy derejesine kabul edildim. Hem- de şol wagtda Tehranyň "Milad" adyndaky hassahanasynyň ortopediýa bölüminde işläp ýörkäm Alyabat ketulynyň yslamy azat ýokary okuw jaýynda mugallym hökmünde işleşýärdim. 2007 nji ýylynda birinji ylmy- derňewe işgäri hökmünde ýurduň Şypagat uýalarynyň arasyndaky festivalynda öňe saýlandym.

2008 nji ýylynda babul Şäherinde meditsina ylymlaryň ýokary okuw jaýynda alymlar toparynyň

agzasy we Amul şäheriniň "Hezreti Zeýnep" adyndaky fakultetde ýokary okuwçylaryň ylmy- derňew komitetinde başlyk bolup işledim. Şol zamanda Alyabadyň Şypagat uýasynyň fakultitinde psihologiýa Şypagat uýasy böluminde mugallym hökmünde işledim.

2012nji ýylynda Alyabat ketulynyň ýokary okuw jaýynda alymlar toparynda agza hökmünde kabul edildim. Şol ýylda- da

Ahwaz şäheriniň "Jündişapur" adyndaky meditsina ylymlarynyň ýokary okuw jaýynda Şypagat uýasynyň Doktorantura derejesinde geçirilen synag konkurs arkaly kabul edildim. 2015 nji ýylynda okuwymy şu ýokary okuw jaýynda gutardym.

Şol ýylda ýurtda görnükly Şypagat uýasy bolup saýlandym , we saglygy- saklaýyş Ministri jenap Doktor Haşemi tarapyndan sylaglandym. Häzirki wagtda Alyabat ketulynyň Yslamy Azat ýokary okuw jaýynyň Meditsina ylymlarynyň orunbasary hem- de onuň merkezi guramasynda Şypagat uýasynyň uly maksatnamalary

Kesgitleýän geňeşçiligiň agzasy wezipesinde işleýärin.

Şu wagta çenli 70 sany ylmy makala we 27 sany kitap ýazyp çap etdim. 2012 nji ýylynda "Hezreti Alyekber" festiwalynda iň başarnykly ýaş alym hökmünde bellendim. 2011,2012,2013,2014 nji ýyllarynda görnükli ylmy- derňewçi hökmünde saýlandym. Takmynan 10 ýyl bäri hem guwanç bilen Alyabat ýokary okuw jaýynda hyzmatdaşlyk edip gelýärin.